Beýik Ýüpek ýoly tury
Tur barada
This 5-day, 4-night tour offers an immersive journey through Turkmenistan's rich historical and natural landscapes. Starting at the Farap border, you'll cross into Turkmenistan and travel through diverse terrains, from the Garakum desert dunes to the ancient city of Merv. In Mary, you will delve into history before heading to Ashgabat, where modern marvels blend with ancient sites like the Seyitjemaleddin Mosque. A visit to the Kow-Ata underground lake provides a unique natural experience, followed by a cultural exploration in Nokhur village. The journey continues to the awe-inspiring Darvaza Gas Crater, offering an unforgettable view of the "Gates of Hell." The final leg includes a visit to Kunya Urgench, a UNESCO World Heritage site, before concluding at the Dashoguz border. Throughout the trip, you'll enjoy comfortable accommodations, guided tours, and authentic local experiences, making this a truly memorable adventure.
Ugur
-
Özbegistandan “Farap” türkmen serhedine gelmek. Serhetden geçmek. Türkmen tarapda iňlis dilinde gürleýän ýolbelet bilen tanyşmak. Mara 290 km ugramak. Ýolugra surata düşmek üçin Garagum çölüniň käbir belentliklerinde saklanmak. Gadymy Merwe syýahat. Mary şäherine gelenden soň myhmanhana ýerleşmek. Ýerli restoranda agşamlyk. Ýatymlyk gije — Maryda.
-
Ertirlik — myhmanhanada. Ertirlikden soň Aşgabada syýahat (350 km). Ýolugra Abiwerde we Seýitjemaleddin metjidine syýahat. Ýaňy-ýakynda iň köp ak mermerli binalary saklaýan şäher hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna giren Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherine syýahat. “Älem” medeni dynç alyş merkezi, “Bagt Köşgi” (nika köşgi), Garaşsyzlyk binasy. Osman imperiýasyny esaslandyran Osman I-iň kakasy Ärtogrula bagyşlanan Ärtogrul Gazynyň metjidi. Garaşsyzlyk seýilgähi, bu seýilgäh şäheriň iň gözel ýerleriniň biri hasaplanýar. Bitaraplyk binasy – seredilýän meýdança. Ýatymlyk gije — Aşgadatda.
-
Ertirlik — myhmanhanada. Ertirlik den soň Aşgabatdan 107 km uzaklykda ýerleşýän Köwata ýerasty kölüne syýahat. Köwatanyň türkmençe ady “Gowaklaryň atasy” diýmegi aňladýar. Bu ýerasty sebit beýik tomaşa ýeri ýaly bolup, gowagyň umumy uzynlygy 230 m, onuň beýikligi 20 m ýetýär, ini bolsa käbir ýerlerinde 57 m tutýar. Gowagyň çuňlugy erän hekiň (stalagmitler) harsaňlary bilen örtülen, onuň mylaýym suwy bolsa açyk we zümerret reňklidir. Suw 33-370C hemişelik temperatura eýedir. (Kölde hökman suwa düşmeli). Gadymy Nohura tarap ýoly dowam ediň. Obanyň özi Köpetdagyň oýuklaryny doldurýar, jaýlar bolsa ýerli harsaňlardan, sement garylan palçykdan gurlandyr. Ýatymlyk gije — Aşgabatda.
-
Piknik görnüşinde irdenlik. Nusaý taryhy seýilgähi – Köpetdagyň aýagyndaky beýik ýerde ýerleşýär. Nusaý öz gadymyýetini b.e.öňki III asyrda bu sebitleri dolandyran parfiýaly baştutanlaryň döwründen bäri alyp gaýdýar. Türkmenbaşy metjidi we kümmeti Gypjakda ýerleşýär. Ýerli restoranda günortanlyk. Günortanlykdan soň 14:00-da Aşgabatdan 270 km demirgazykda ýerleşýän ägirt uly lowlap duran krater bolan Derweze gaz kraterine syýahat. Ýolugra Suwly, Palçykly we Gazly kraterlerine syýahat. Agşam gaz krateriniň haýran galdyryjy tebigatyny synlamak. Barbekýu görnüşinde agşamlyk. Ýatymlyk gije — Derwezede.
-
Piknik görnüşinde ertirlik. Horezmiň gadymy paýtagty Köneürgenje 280 km (ÝUNESKO 2005) syýahat. Alp Arslanyň we Soltan Tekeşiň, Nejmeddin Kubranyň, Aly Soltanyň, Törebeg Hanymyň (12 asyr) kümmetlerine, Gutlug Timuryň, Mamun II-niň minaralaryna syýahat. “Daşoguz” serhedine çenli aralyk.
Müşderi goldawy
Müşderi goldaýan hünärmen toparymyz bar we her saparda size ýoldaşlyk edýäris.