Türkmenistan boýunça Beýik Ýüpek ýoly tury

Başlanýan: Daşoguz
Gutarýan: Farap
Tur görnüşi: Tur: 6 gün 5 gije
Töleg: Soňundan

Tur barada

This 6-day, 5-night itinerary takes you through the highlights of Turkmenistan, starting at the Dashoguz border. You'll explore the ancient capital of Kunya Urgench, then head to Darvaza to witness the mesmerizing gas crater in the Karakum desert. In Ashgabat, you'll tour the city's remarkable white marble architecture, including the Arch of Neutrality and the Alem Ferris wheel. The journey also includes a visit to the Kow-Ata underground lake, the historic Nissa, and a horse farm showcasing the Akhal-Teke horses. You'll then travel to Mary, where you'll explore the ancient city of Merv, one of the most significant sites on the Silk Road, before concluding your trip at the Farap border. Throughout the tour, you'll enjoy comfortable accommodations, guided sightseeing, and local experiences that provide a deep dive into Turkmen culture and history.

Ugur

  • Özbegistandan “Daşoguz” türkmen serhedine gelmek. Serhetden geçmek. Türkmen tarapynda iňlis dilinde gürleýän ýolbelet bilen duşuşmak. Horezmiň gadymy paýtagty Köneürgenje (110 km, ÝUNESKO 2005 ý.) syýahat. Ýerli restoranda günortanlyk. Günortanlykdan soň Derwezä syýahat. Ýolugra surata düşmek üçin Garagum çölüniň käbir belentliklerinde saklanmak. Agşam gaz krateriniň haýran galdyryjy tebigatyny synlamak. Barbekýu görnüşinde agşamlyk. Ýatymlyk gije — Derwezede.
  • Piknik görnüşinde ertirlik. Ertirlikden soň Aşgabada ugramak (350 km). Ýaňy-ýakynda iň köp ak mermerli binalary saklaýan şäher hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna giren Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherine syýahat. “Älem” medeni dynç alyş merkezi, “Bagt köşki” (nika köşki), Garaşsyzlyk binasy. Osman imperiýasyny esaslandyran Osman I-iň kakasy Ärtogrula bagyşlanan Ärtogrul Gazynyň metjidi. Garaşsyzlyk seýilgähi, bu seýilgäh şäheriň iň gözel ýerleriniň biri hasaplanýar. Bitaraplyk binasy – seredilýän meýdança. Ýatymlyk gije — Aşgadatda.
  • Ertirlik — myhmanhanada. Ertirlikden soň Aşgabatdan 107 km uzaklykda ýerleşýän Köwata ýerasty kölüne syýahat. Köwatanyň türkmençe ady “Gowaklaryň atasy” diýmegi aňladýar. Bu ýerasty sebit beýik tomaşa ýeri ýaly bolup, gowagyň umumy uzynlygy 230 m, onuň beýikligi 20 m ýetýär, ini bolsa käbir ýerlerinde 57 m tutýar. Gowagyň çuňlugy erän hekiň (stalagmitler) harsaňlary bilen örtülen, onuň mylaýym suwy bolsa açyk we zümerret reňklidir. Suw 33-370C hemişelik temperatura eýedir. (Kölde hökman suwa düşmeli). Gadymy Nohura ýoluňyzy dowam ediň. Obanyň özi Köpetdagyň oýuklaryny doldurýar, jaýlar bolsa ýerli harsaňlardan, sement garylan palçykdan gurlandyr. Ýatymlyk gije — Aşgabatda.
  • Ertirlik — myhmanhanada. Nusaý taryhy seýilgähi – Köpetdagyň aýagyndaky beýik ýerde ýerleşýär. Nusaý öz gadymyýetini b.e.öňki III asyrda bu sebitleri dolandyran parfiýaly baştutanlaryň döwründen bäri alyp gaýdýar. Soňra türkmen halkynyň buýsanjy bolan ahalteke atlaryny synlamak üçin atçylyk fermasyna syýahat. Türkmenbaşynyň ruhy metjidi we kümmeti Gypjakda ýerleşýär. Ýatymlyk gije — Aşgabatda.
  • Ertirlik — myhmanhanada. Mary welaýatyna 350 km ugramak. Gadymy Merwe syýahat. Ol Beýik Ýüpek ýolunyň şahalarynyň kesişmesinde ýerleşip, gadymy dünýäniň iň uly şäherleriniň biri bolupdyr we Bagdat, Kair we Damask bilen bir hatarda iň esasy yslam paýtagtlarynyň biri bolupdyr. Ýolbelet bilen syýahat: Gyzgala, Erkgala, Soltangala, Soltan Sanjaryň kümmeti, Ibn Zeýdiň kümmeti. Mara dolanmak. Ýatymlyk gije — Maryda.
  • Ertirlik — myhmanhanada. Ertirlik den soň “Farap” serhedine (290 km) ugramak.

Müşderi goldawy

Müşderi goldaýan hünärmen toparymyz bar we her saparda size ýoldaşlyk edýäris.

Türkmenistan boýunça Beýik Ýüpek ýoly tury

Indi ýeriňizi belläň we şu gün hiç zat tölemäň

Aşgabat
London
Nýu Ýork
Pariž
Tokýo
Beijing